Türkmenistan – dost-doganlygyň mekany


Türkmenistan – dost-doganlygyň mekany



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp günlerimiz bilen bir hatarda dost-doganlyk gatnaşyklary hem dabaralara beslenip, baýram edilip geçirilýär. Gruziýanyň ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Aşgabat şäherinde gurnalan, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Döwlet simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde baýramçylyk konserti geçirildi.

Konserte medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik gulluklaryň we halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik intelligensiýasy, ýaşlar, köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar.

Sazandalar beýik ussatlaryň öz eserlerine siňdiren inçe duýgularyny diňleýjilere ussatlyk bilen ýetirdiler. Yzygiderli ýaňlanan dürli görnüşdäki sazlar, ýatdan çykmajak baýramçylyk pursadyny emele getirdi. Nusgawy german sazyny ýerine ýetirmekde öz ussatlyklaryny görkezen zehinli artistler gyzgyn el çarpyşmalara mynasyp boldular.

Dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.

Aýlar ANNAMYRADOWA.