Medeniýet günlerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty


Medeniýet günlerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty



Ajap eýýamda bedew bady bilen öňe barýan eziz watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenip, guwandyryjy ösüşleriň dünýä dolýan döwründe, ýurdumyz döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna öwrüldi. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmen medeniýetiniň ösmegine uly badalga berildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladasy bilen milli medeniýetimizi we sungatymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek bilen bagly amala aşyrýan bimöçber işleri medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň ylham çeşmesini joşdurýar.
2020-nji ýylyň iýun aýynyň 23-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Mejlisler jaýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Hormatly Prezidentimiziň milli sungatymyza goýýan sarpasy belentdir» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda halypa mugallymlaryň ylmy çykyşlarynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen halkymyzyň müňýyllyklardan söhbet açýan geçmiş taryhy, milli mirasy hakynda gyzykly maglumatlar beýan edildi. Şeýle-de, berkarar döwlet islän Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilige ýugrulan goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusyndaky, medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň çeper döredijiligi baradaky gyzykly çykyşlar ýerine ýetirildi. Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar medeniýet ugrunda zähmet çekýän hünärmenleriniň döredijilik işleriniň pajarlamagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.