Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä günine


Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä günine



Golaýda Bütündünýä Ýer şaryny goramaklygyň 50 ýyllyk hem-de Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanda Tebigaty goramagyň 25 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda ýurdumyzyň çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň 12-15 ýaş aralygyndaky okuwçylarynyň arasynda geçirilen surat bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijilerine sylag gowşurmak dabarasy geçirildi.

Bäsleşikde 1-nji orna Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Durdymyrat Guwanjow, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Göwher Meläýewa, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Akjemal Çaryýewa, 3-nji orna Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherçesiniň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Gülnäzik Saparnyýazowa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Gulam Rozubaýew, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Ýunus Annamyradow dagylar eýe boldular. Şeýle-de bäsleşige işjeň gatnaşan okuwçylaryň 19-syna Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiki merkeziniň (CAREC) hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.