Tomusda saglygy goramak üçin...


Tomusda saglygy goramak üçin...



Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy adamlaryň özüni alyp barşynda käbir kadalara has ünsli bolmagyny hem-de olary berk berjaý etmegini talap edýär. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlara, kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmak maslahat berilmeýär. Irden sagat 9:00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda, 18:00-dan soň, daşary gezelenje çykyp bolar. Daşary çykylanda, möwsüme görä (açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri) geýinmek, kellä Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, gözleri goraýan gara äýnek dakynmak, arassa agyz suwuny ýanyň bilen almak maslahat berilýär. Daşardan gyzyp, derläp gelip, salkyn öýe gireniňde, çygly eşigiňi çalyşmagy ýatdan çykarmaly däl, howa sowadyjynyň öňünde durmakdan, gyzyp gelip, buz ýaly sowuk suwy içmekden, sowuk suwuň aşagyna girmekden saklanmaly. Günüň dowamynda kadaly iýmitlenmeli, diňe bir gezek iýmek üçin taýýarlanan, däneli, kösükli iýmit önümlerinden gaýnadylyp, buglanyp bişirilen gyzgyn naharlary iýmeli. Iýmitde gök önümler we miweler agdyklyk etmeli, günüň dowamynda gerekli mukdarda — 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli, öýüň içinde we işde çygly arassalaýyş işlerini ýygy-ýygydan geçirip durmaly. Otagyň penjiresini wagtal-wagtal açyp, ýelejiredip, howasyny çalşyp durmaly. Iýmit galyndylaryny, plastik gaplary ýörite niýetlenen ýerlere taşlamaly. Bu hereketleri çagalarymyzda-da terbiýeläp, olara endik etdirmeli. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.