Ajaýyp dabara
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler hem bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatly beýik işlere, şanly üstünliklere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletli diýarymyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan ösüşleri, bagtyýar halkymyzyň eşretli, abadan, parahat, erkana durmuşyny belent wasp etmek ugrunda alnyp barylýan işleri täze zähmet ýeňişlerine, üstünliklerine ruhlandyrýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda aýdym-saz sungatynda aýratyn tapawutlanan medeniýet we sungat ussatlarynyň çekýän zähmetine mynasyp baha berlip, olaryň birnäçesine Mähriban Prezidentimiziň Permany bilen hormatly atlar dakyldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde medeniýet we sungat işgärleriniň birnäçesine Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan aýdymçylaryň birnäçesine hormatly atlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabarada sungat ussatlarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň owazy belentden belent ýaňlandy.
Şirin owazly aýdym-saza beslenen dabarada çykyş eden medeniýet, sungat ussatlary Mähriban Arkadagymyzyň belent serpaýlaryndan ruhlanýan medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň geljekde-de türkmen medeniýetini, sungatyny täze, kämil eserler bilen baýlaşdyryp, agzybir halkymyzy ajaýyp zähmet ýeňişlere ruhlandyrmakda güýç-gaýratlaryny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerini nygtadylar hem-de bu ugurda döredilýän ähli şertler üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Dabaranyň ahyrynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertine tomaşa etdiler.
Ogulgurban GOŞLAKOWA