Saglygymyzyň goragyny berkidip, dakynalyň agyz-burun örtügin!


Saglygymyzyň goragyny berkidip, dakynalyň agyz-burun örtügin!



Şu günler howanyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy — ekzogen täsirini peseltmek we howadaky tozan bölejikleri arkaly döräp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, her bir adamyň dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goranyş serişdelerini, ýagny lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmak maslahat berilýär. Agyz-burun örtükleri nähili kömek edýär?
Agyz-burun örtükleri melhem däldir. Olar ýokanjyň ýaýraýyş ýoluny çäklendirmäge ýardam edýär. Hem agzy, hem burny örtýän örtükleri dakynmak, ilkinji nobatda, jemgyýetçilik ýerlerinde, dükanlarda, saglygy goraýyş edaralarynda, jemgyýetçilik ulaglarynda örän möhümdir. Örtük bolmasa, wirusyň bölejikleri asgyrylanda we üsgürilende birnäçe metre çenli ýaýrap gidýär. Örtük bu bölejikleriň hem size tarap asgyrylanda, hem siz asgyranyňyzda ýaýramagynyň öňüni alýar.
Şeýle hem örtükler ýüzüňi zerurlyk bolmasa, ellemeli däldigini ýatladyjy serişde bolup durýar. Bu ýagdaý, öz gezeginde, wirusyň eliňden nemjimek üstlere, göze düşmeginden, şeýle hem tersine, özümizden daşky gurşawa düşmeginden goraýar. Bu günki gün lukmançylyk senagaty we el işleriniň ussatlary dürli görnüşdäki örtükleri hödürleýärler. Lukmançylyk agyz-burun örtükleri — islendik ýokançlaryň — wiruslaryň we bakteriýalaryň, şeýle hem tozanyň we tozgalaryň ýaýramagyndan goraýan netijeli serişdeleriň biridir. Ol iki tarapa hem netijelidir, ýagny ol keselliden goraýar we keseli daşyna çykarmaýar.
Örtügi eňegiň aşagyna düşürmeli däl — çünki günüň dowamynda bu ýer goralan däldir we ol ýerde wiruslar we bakteriýalar ornaşyp biler. Aşak düşüreniňizde örtügiň iç ýüzi bu ýere galtaşýar, soň dakylanda ol ýene-de agzyňyza we burnuňyza degýär.
Bir gezeklik örtükleri ýuwmaly däl. Olar ýuwlandan soň, gorag ukybyny ýitirýär. Agyz-burun örtügini dogry çykarmak, ony dakmak ýaly wajyp işdir. Göz öňüne getirip görüň, siz uzakly gün şol böwetden dem alyp gezdiňiz. Agyz-burun örtüginiň üstüne wirus döredijisiniň düşüp bilmek mümkinçiliginden başga-da, çygly gurşawda zyýanly bakteriýalar köpelip biler. Eger siz agyz-burun örtügini nädogry çykaryp, ony nädogry zyňýan bolsaňyz, bu bakteriýalar we wiruslar derä ýa-da nemli örtügiňize düşüp, keseli döredip biler. Agyz-burun örtügini çykaranyňyzda, onuň mata örtügine galtaşmaň. Örtügi gulagyň arkasyndaky ýüpünden tutup aýryň. Örtügi çykaranyňyzdan soň, onuň eliňize we beýleki gurşawlara degmezligine gözegçilik ediň. Ulanylan agyz-burun örtüklerini agzy ýapylýan konteýnerlere taşlaň. Eger-de siz mata örtüklerini ulanýan bolsaňyz, onda çykaranyňyzdan soň, ony sabyn ýa-da ýuwujy serişde ulanyp suwda ýuwmaly (60 gradusdan aşak bolmaly däl) hem-de guradyp ütüklemeli.
Bu günki gün agyz-burun örtükli adam — diňe bir öz saglygyna däl, eýsem, töweregindäkileriň saglygyna hem jogapkärçilikli çemeleşýän adamdyr. Agyz-burun örtükleri keselleýänleriň sanyny azaltmaga we wirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almaga ýardam edýär.

Gülnabat NEPESOWA