«Bitaraplyk — baky bagtym»


«Bitaraplyk — baky bagtym»



Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda «Bitaraplyk — baky bagtym» atly sergi guraldy. Onda ýaş suratkeşler Kerim Berdiýewiň, Maksat Hudaýberdiýewiň, Şagylyç Ataýewiň, Arslan Atahanowyň, Döwlet Berdiýewiň, Derýa Mämmetgulyýewiň erkin döredijilik eserleri görkezildi.
Sungat ojagynda toparlaýyn, şahsy we temalaýyn sergiler hem yzygiderli geçirilýär. Toparlaýyn serginiň geçirilmegi bilen ýaş suratkeşler, döredijilikli işleri ýerine ýetirýärler.
Olaryň nakgaşlyk eserlerinde, şekillendiriş sungatynyň peýzaž žanryndan ýerine ýetiren işlerinde Walana bolan söýgini, tebigatymyzyň gözelligini görmek bolýar. Ýaş suratkeşler milli mirasymyzdan ugur alyp, birnäçe eserleride döredipdirler.