Yaş nesliň aladasy – bagtyýar geljegiň binýady


Yaş nesliň aladasy – bagtyýar geljegiň binýady



Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir» diýen ýörelgä esaslanyp alyp barýan parasatly syýasatynyň, baş ugurlarynyň biri-de ýaş nesil baradaky taýsyz tagallalarydyr. Çünki berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň sagdynlygynyň esasy hökmünde her bir maşgalanyň abadançylygyny, gaýym üpjün etmekde uly işler amala aşyrylýar. Her bir maşgalanyň guwanjy bolan çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Öz çagalarynyň bagtyýar geljegi baradaky edilýän döwlet derejesindäki düýpli tutumlaryň netijesini görüp, hözirini duýup zähmet çekýän bagtyýar halkymyz bir maşgala öwürilip, hormatly Prezidentimiziň daşyna has-da jebisleşip bu alnyp barylýan beýik işlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Sebäbi her bir ata – ene üçin, çagalarynyň bagtyýar geljeginiň kepilini eýýäm häzirden görmek iň uly bagtdyr. Elbetde, Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan her bir işine mahsus bolşy ýaly, ýaş nesil baradaky aladalar hem toplumlaýyn häsiýete eýe bolup tapgyrlaýyn görnüşde durmuşa geçirilýär.

Bu işleri biz ýaşlar üçin ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan halkara ülňülerine laýyk gelýän we milli aýratynlyklarymyza esaslanýan, bilim ulgamymyzda, milli sungatymyzyň ýaşlara çuňňur öwredilmegine, ýurdumyzyň gözel künjeklerinde hereket edýän ähli mümkinçiliklerine eýe bolan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň hereket etmeginde aýdyň göz ýetirýäris.

Şeýle işler «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem giň gerime eýe bolýar. Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň guramagynda «Bagtyýar, sagdyn ýaşlar» atly aýdym – sazly sport çäresi geçirildi. Çärä Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň «Ylham» bagşylar, «Ýaşlyk» akkordeonçylar, «Güneşli» skripkaçylar, «Çandybil» deprekçiler toparlary gatnaşdylar. Hünär öwrenýän çagalar erk edýän saz gurallary arkaly birnäçe aýdym – sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Çykyşlarda bagtyýar çagalygyň mekany bolan eziz Diýarymyzyň beýik ösüşleri, tebigat gözellikleriniň waspy belentden ýaňlandy. Soňra çagalar ýurdumyzyň dokma toplumlarynda öndürilýän ýokary hilli sport lybaslaryny geýip, dürli sport oýunlaryny ýerine ýetirdiler, sport meýdançasynda tigirli ýaryş guradylar.

Çagalaryň şatlyk – şowhuna beslenen şadyýan pursatlary bahar gözellikleri bilen utgaşyp, adamlara ýakymly duýgulary bagyşlady. Çärä gatnaşyjylaryň Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallyklary bolsa, belent başlary göge ýetirdi.

Mekdep müdiri Saparmyrat Kairow döredijilik ulgamynyň wekilleri hökmünde mekdepde zähmet çekýän ähli ussat mugallymlaryň, ýurdumyzda alnyp barylýan uly işlere öz goşantlaryny goşmaga döredilen mümkinçilikler we döredijilikli zähmet çekmäge döredilen ýokary şertler üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden Sag bolsun aýdyp mundan beýläk-de has – hem yhlasly zähmet çekmäge borçlanýandyklaryny beýan etdi.