Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bitewi logistik merkezi döretmek başlangyjyny öňe sürýär


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bitewi logistik merkezi döretmek başlangyjyny öňe sürýär



Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň üç taraplaýyn duşuşygy

2-nji iýulda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi. «Lapis Lazuli» halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy. Ulag ulgamynda özara arkalaşykly hereket etmegiň meýilnamalarynyň üstünde hereketleriň bellenen ugurlaryny we anyk möhletlerini göz öňünde tutup, netijeli işlemegiň zerurdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Owganystanyň hem-de Azerbaýjanyň Prezidentleri bilen käbir garaýyşlaryny paýlaşdy we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak boýunça anyk teklipleri öňe sürdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlaryň ulag-kommunikasiýa ulgamynda we hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynda mundan beýläk-de geljegi uly bolan özara arkalaşykly üç taraplaýyn hyzmatdaşlyk etjekdigine ynam bildirdi hem-de geçirilen duşuşykda bellenip geçilen anyk meseleleri çözmekde bilelikdäki çemeleşmeler emele getirilende biziň ýurtlarymyzyň ykdysady taýdan ösüşini we olaryň halklarynyň hal ýagdaýynyň ýokarlanmagyny üpjün etmek bilen baglylykda, özara bähbitleri nazara almagyň möhümdigine ünsi çekdi.