SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI — RUHUBELENTLIGIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÇEŞMESI
31-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün agtyklary bilen “Rahat” atly häzirki zaman gämisinde Hazar deň¬ziniň gi¬ňişliklerinde gezelenç etdi. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan ak gämi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça uzap gidýän kenardan deňiz giňişligine tarap ýüzüşe başlady.
* * *
Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenarynda gurlan “Awaza” köpugurly sport toplumyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen baglanyşykly işler barada söhbetdeş boldy.