Arkadag şäherinde «Zenan eliniň çeperligi — haly, keşde, keçede» atly halkara Dialog geçirildi


Arkadag şäherinde «Zenan eliniň çeperligi — haly, keşde, keçede» atly halkara Dialog geçirildi

Şu gün Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda sanly ulgam arkaly gurnalan «Zenan eliniň çeperligi — haly, keşde, keçede» atly halkara Dialog geçirildi.

Halkara Dialoga Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň haly, keçe we keşde sungaty ulgamynyň tejribeli bilermenleri, hünärmenleri we görnükli alymlar gatnaşdylar.

Rus dilinde alnyp barlan halkara Dialogy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa alyp bardy.

Halkara Dialogyň açylyş dabarasyndan soňra, oňa gatnaşyjylar wideoşekiller arkaly Arkadag şäheri bilen tanyşdyryldy. Sebitdäki ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gözelligi, bu ýerde raýatlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredilen mümkinçilikler Dialoga gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Halkara Dialog Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasyndan soňra çykyşlar bilen dowam etdi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa çykyş edip, şu günki geçirilen halkara Dialogyň maksady barada, şol sanda zenanlaryň el işlerine, döredýän halylaryna, keşdelerine we keçelerine goýulýan sarpa barada belläp geçdiler.

Halkara Dialogyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň milli haly muzeýiniö bölüm müdiri Afşan Rzaýewa «Azerbaýjanyň haly sungatynyň däplerini dikeltmek we gorap saklamak — muzeý işiniň esasy ugurlaryndan biri hökmünde», Gazak halyçylygy boýunça gözleg işlerini alyp barmak, gorap saklamak we ösdürmek ÝUNESKO-nyň işleri barada Gazagystan Respublikasynyň Milli toparynyň ýanyndaky maddy däl medeni miras boýunça Milli komitetiniň agzasy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent Žanerke Şaýgozowa «Haly dokamak iňňe bilen guýy gazmak mysaly», «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň hünärmeni M.Ataýewa «Asyrlaryň ilçisi türkmen halysy», Gyrgyz Respublikasynyň maddy däl medeni mirasy we senetçiligi ösdürmek boýunça Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Bütindünýä sungat boýunça geňeşiniň hormatly agzasy Dinara Çoçubaýewa «Gyrgyzystanda senetçiligiň ösüşine gysgaça syn: keçeçilik, keşdeçilik, dokmaçylyk», ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkiýe Respublikasynyň Milli toparynyň Maddy däl medeni miras boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň agzasy, professor Seljan Gürçaýir Teke «Türkiýede haly dokmaçylygy, keçeçilik we keşde sungaty», Täjigistan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory Muhiba Mahmadjanowa «Täjigistanda aýallaryň senetçilik önümçiligi», Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň ýanyndaky «Zenanlaryň keşdeçilik sungaty» Merkeziniň başlygy J.Agaýewa, şeýle-de Täjigistan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň wekili, taryh ylymlarynyň kandidaty Mumina Şowaliýewa «Täjigistan zenanlaryň el iş sungaty: keşdeçilik, haly dokmaçylygy, keçeçilik» ýaly temalar boýunça çykyş etdiler.