Sungat eserlerinde Bitaraplygymyzyň waspy
Her güni toý-dabaralara beslenýän eziz Diýarymyz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe batly gadamlar bilen ösüş ýolunda ynamly ädim ädýär. Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ähli pudaklarda uly ösüşleri gazanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýiti paýhasyndan çykan “Bitarap Türkmenistan” atly kitabynda şeýle dürdäne setirleri belläp geçýär: “Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynda ata-babalarymyzyň adamzadyň şöhratly taryhyna ýazan durmuş hakykaty ýaşaýar. Türkmen Bitaraplygy halkymyzyň Tug deýin belent saýýan mertebe sütünidir. Çünki, Bitaraplyk diýmek adama goýulýan hormatyň belent derejesidir, onuň erkini döredijiligini, paýhasyny, ukybyny, başarnygyny sarpalamagyň kämil nusgasydyr”. Dogrudan hem, baky Bitaraplygymyz biziň sarsmaz binýadymyz, ähli ugurlarda ýol görkezýän ýokary nusgamyzdyr. Ynha, bu günki günde şanly Bitaraplyk baýramynyň 26 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginiň sergi jaýynda gurnalan “Bitaraplyk – buýsanjym” atly döredijilik sergisi hem ýurdumyzyň suratkeşleriniň baýramçylyk sowgady diýip aýtmak bolar. Sebäbi sergä gatnaşýan her bir suratkeş parahat durmuşymyzy, abadan ýurdumyzy şahyrana wasp etmekde janyny gaýgyrman zähmet çekip, ajaýyp sungat eserlerini döretdiler. Sergide goýlan her bir eseri synlanyňda, ony döreden suratkeşiň kalbyndaky çäksiz buýsanjyny duýmak bolýar.
Döredijilik sergisi şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserlerinden gurnalyp, ony uly göwrümli hasaplap bolar. Ol ýerde halypa mugallymlaryň, erkin suratkeşleriň we talyp ýaşlaryň tema we žanr aýratynlygy, reňk çözgüdi, taslama gurluşy, ýerine ýetirilişi boýunça tapawutlanýan 220-den gowrak eserleri görkezilýär. Watanymyzyň öňden gelýän däp-dessurlaryny, şöhratly taryhyny, ýaşaýyş-durmuşyny, gözel tebigatyny, datly miwelerini çeperçilik bilen suratlandyrýan eserleriň her biri tomaşaçyny öz dünýäsine alyp gidýär. Halypa suratkeşlerimiz A. Muhammedow, A. Almämmedow, Ö. Mämmetnurow, B. Owganow, Juma Aman Durdy ýaly suratkeşlerimiz ýokary derejede ýerine ýetirilen peýzažlary, portretleri, tematiki eserleri bilen çykyş etdiler. Olaryň işleri çeperçilik hünäri boýunça bilim alýan ýaşlar üçin uly bir mekdep bolup durýar. Ussat suratkeş Juma Aman Durdynyň modern akymynda ýerine ýetiren üç bölekden ybarat “Gözden-dilden gora, gözmonjuk” atly eseri sada hem çuňňur mazmunly çözgüde eýe. Ýiti hem arassa reňklerde ýazylyp, birnäçe şekillerden düzülen eser halkyň ynançlaryny, ýagşy niýetini beýan edýär. Ýaş suratkeşler O. Öwezowyň “Natýurmort”, “Küýze we almalar”, M. Hojagulyýewiň “Almaly bag”, K. Orazberdiýewiň “Siren”, şeýle-de A. Modyýewiň “Bägüller”, B. Berkeliýewiň “Narly natýurmort” atly işlerinde bereketli türkmen topragynyň datly miweleri, ösümlik dünýäsi çeper suratlandyrylýar.
Heýkeltaraşlyk sungaty boýunça A. Oramadowyň, P. Mämiýewiň, A. Atakgaýewiň, şeýle-de ýaş heýkeltaraş P. Patdykowyň sergide görkezýän tematiki heýkelleri ýerine ýetiriliş usullary, çeperçilik aýratynlygy boýunça özboluşly hem biri-birinden tapawutlydyr. Heýkel eserleri uly bolmadyk ölçeglerde ýerine ýetirilip, zähmet, parahatçylyk ýaly temalary açyp görkezýär. Şeýle-de serginiň wajyp bölegini amaly-haşam sungatynyň çeper önümleri eýeleýär. A. Patarowanyň keçe önümi, A. Baýryýewanyň, T. Gurbanowanyň, A. Köşiliýewanyň kiçi ölçegli gobelen eserleri dürli temany açyp görkezýär. Mundan başga-da, özboluşly hem-de gyzykly şekillerde ýasalan küýze önümleri, çeper zergärçilik şaý-sepleri sergimize mynasyp goşant goşdy.
“Bitaraplyk – buýsanjym” atly döredijilik sergisi häzirkizaman türkmen şekillendiriş sungatynda gazanylan üstünlikleriň biri diýip hasaplap bolar. Sebäbi ussat halypa suratkeşlerimiz bilen birlikde ýaş suratkeşleriň hem öz eserleri bilen şular ýaly sergilere gatnaşmagy diýseň guwandyrýar. Sergi tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrandyr diýip umyt edýäris!
Kurbanmuhammedowa Gülnara