Çagalaryň saglygyny goraň


Çagalaryň saglygyny goraň



Çagalar, ululara seredeniňde, ýiti respirator wirusly keseller bilen köp keselleýärler. Kesel dörediji mikroorganizmler wiruslary, bakteriýalary, beýleki ýokançlary göterijilerdir. Entek gutarnykly kemala gelmedik çaga immuniteti olara garşy işjeň göreşip bilmeýär. Şonuň üçin tiz-tizden sowuklaýan çagada immuniteti pugtalandyrmalydyr. Çaganyň ýatýan, oýnaýan otagy ulularyňkydan aýratyn bolmalydyr. Otagda allergiýa döredýän, tozany özüne çekýän zatlar bolmaly däldir. Otagy günde çygly esgi bilen süpürmelidir we yzygiderli ýelejiretmelidir. Çagany zor bilen iýmäge mejbur etmän, ajygan wagtynda naharlamalydyr. Onuň iýmit önümleriniň arasyndan süýji tagamlary saýlap iýip işdäsini bozmagyna ýol bermeli däldir. Çaga iýmäge endik eden önümlerini iýdirmelidir. Onuň iýmitinde minerallara, witaminlere baý bolan, düzüminde ýaşaýyş üçin ýokumly maddalary saklaýan önümler, miweler, gök önümler, guş we mal eti ýeterlik bolmalydyr. Içgilerden mineral suwlar, kompot, miweli çaý (otag temperaturasynda) peýdalydyr.
Çagany galyň geýindirmekden, ýatanda üstüni büremekden saklanmalydyr. Çaganyň mydama derläp durmagy hem bedeniň aşa köp sowamagy bilen deň derejede kesellemegine getirip biler.
Her gün agşam ýatmazdan öň, çagany açyk howada gezdirmelidir. Bedenterbiýe maşklaryny daşarda ýerine ýetirmegini, sport oýunlary bilen açyk howada meşgullanmagyny gazanmalydyr.
Çaganyň özüni oňat duýmagy onda kesel alamatlarynyň ýokdugyny aňlatmaýar. Diňe çaga bedeni täze wiruslara garşy durmaga, olardan goranmaga ukyply bolanda, çaga immunitetiniň dikelendigini tassyklap bolar.

Jeren HOJAGULYÝEWA