Türkmenistanyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek başlandy


Türkmenistanyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek başlandy



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Buýruga gol çekip, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça 2020-nji ýylda okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady.
Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegi şu ýylyň 6-njy iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçirmek tabşyryldy.
Täze okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 talyp kabul ediler, bu bolsa geçen ýyldakydan 2 müň 95 adam köpdür. Orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 9 müň 490 okuwçy kabul ediler.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine 6-njy iýulda badalga alan resminamalary kabul etmek meselesine gaýdyp gelmek bilen, giriş synaglaryny 22-nji iýul — 11-nji awgust aralygynda geçirmegiň tabşyrylandygyny bellemek gerek.
Mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek 6 — 19-njy iýul aralygynda, giriş synaglary bolsa, 22 — 29-njy iýul aralygynda guralar. Şunda maliýe-ykdysady ugurlar boýunça orta hünär okuw mekdeplerine hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar 8-nji awgusta çenli kabul ediler hem-de giriş synaglary 11 — 15-nji awgust aralygynda geçiriler.