Agyz-burun örtüklerini dakynyň!


Agyz-burun örtüklerini dakynyň!



Häzirki wagtda howada zyýanly tozan bölejikleri zerarly döräp biläýjek dürli ýokanç keselleriň adam bedenine ýetirip biljek oňaýsyz täsirleriniň oňüni almak üçin, raýatlara agyz-burun örtüklerini dakynmak maslahat berilýär.
Agyz-burun örtügi nemli agyz we burun bardalaryny dürli ýokançlaryň düşmeginden goraýan serişdeleriň biridir.
Agyz-burun örtügini dogry peýdalanmagyň usullaryny bilmek zerurdyr.
Lukmanlaryň maslahatyna görä, örtük dakylmazdan öň, eller sabynlanyp, gowy ýuwulmalydyr. Örtük dakynylmazdan öň gözden geçirilip, zeper ýeten ýeriniň ýokdugy anyklanmalydyr. Agyz-burun örtügi dakynylandan soň, ony ellemek, gürleşeniňde aýyrmak maslahat berilmeýär.
Örtükleri ulanylyş düzgünine görä, her 2 sagatdan çalşyp durmalydyr. Şeýle edilmedik ýagdaýynda, ol goraýjylygyny ýitirip, gaýta howply bolup biler. Örtük çyg degen ýa-da başga bir görnüşde zeperlenen bolsa, ony bada-bat çalyşmalydyr.
Örtügi aýyrmazdan öň, ýene-de bir ýola elleri sabynlap ýuwmak ýa-da antiseptiki serişdeler bilen arassalamak zerurdyr. Örtük halkasyndan tutulyp aýrylmalydyr. Dürli keselleriň ýaýramagynyň we ýokuşmagynyň öňüni almak maksady bilen, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metrden az bolmadyk aradaşlygy saklamak zerurdyr. Elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmak arkaly dürli mikrob ýokanjynyň öňüni almak bolar.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmakda, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrunda uly tagallalary edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun.