ÝEWROPA UGRY TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASY STRATEGIÝASYNDA MÖHÜM ÄHMIÝETE EÝEDIR


ÝEWROPA UGRY TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASY STRATEGIÝASYNDA MÖHÜM ÄHMIÝETE EÝEDIR



Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş sapary bilen ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýanyň Premýer-ministriniň çakylygy boýunça amala aşyrýan bu sapary netijeli döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup durýar. Häzirki döwürde bu gatnaşyklara kuwwatly itergi berildi we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.

Premýer-ministr Wiktor Orban Wengriýanyň Türkmenistany hoşniýetli dost we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Budapeşte şu ilkinji saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Budapeştiň Ferens List adyndaky halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.