Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy



4-nji fewralda HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunla-rynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy.
...Hormatly Prezidentimiziň uçary Pekine çenli uçuşy amala aşyryp, HHR-iň paýtagtynyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden sapar wagtynda özi üçin bellenen kabulhanasyna tarap ugrady....
...Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Pekiniň Milli stadio-nyna ugrady. Özboluşly bezeg aýratynlygy boýunça “Guş höwürtgesi” diýen at bilen meşhur bolan bu köpugurly toplum XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanyp alyndy.
H o r m a t l y Prez i d e n t i m i z Gurbanguly Berdimuhamedow Peki-niň Milli stadionyna geldi we hormatly myhmanlar üçin bellenen ýere bardy.
Oýunlaryň açylyş dabarasyna çagyrylan beýleki döwletleriň, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň başlygy bu ýere gelipdirler. Stadiona ýygnananlaryň ählisini HHRiň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylady.
...Şol bir wagtyň özünde, Pekiniň Milli stadionynda ägirt uly sport baýramçylygyna badalga berjek pursatlaryň golaýlaýandygyny aňladýan hasaplama dowam edýär. Bu ýerde baýramçylyk dabarasy höküm sürýär. Ony taýýarlamak boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz dabaralar tamamlanandan soň, özi üçin bellenilen kabulhana ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

* * *

Şu gün türkmen wekiliýetiniň agzalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hytaýly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler. Şolaryň dowamynda soňky ýyllarda taraplaryň özara tagallalary netijesinde strategik hyzmatdaşlyk derejesine eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.