Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary başlandy


Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary başlandy



4-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Şanly waka mynasybetli Özbegistanyň paýtagtynyň howa menzili iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezeldi.
Haly düşelen ýodajygyň ugry boýunça Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uçaryň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.