Watanymyzyň buýsançly ösüşleri
Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Watanymyzyň durmuşynda gazanylýan üstünlikler has-da buýsandyrýar. Halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli özgertmeler syýasaty Türkmenistanyň depginli ösüşini üpjün edýär. Ýurdumyzda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýan halkymyz ertirki gününe uly ynam bilen garap, öz öňünde geljek üçin belent maksatlary goýýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini ýene bir gezek tassyklady. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine Watanymyzy mundan beýläk-de ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga gönükdirilen häzirki zaman syýasy gurallarynyň işe girizilmegine mümkinçilik berýär.