TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI C5+1 KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYNYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI C5+1 KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYNYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY



BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün günüň ikinji ýarymynda «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy.

Prezidentler derejesindäki bu birinji duşuşyk meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik boldy.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirip, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýär. Ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň we başlangyçly orun eýeläp, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine, ählumumy rowaçlygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar.

Döwletimiz halkara gatnaşyklary ýola goýmakda hoşmeýilli erk, deňhukuklylyk, öňdebaryjy tejribäni we oňyn pikirleri paýlaşmak esasynda ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almagyň möhümdiginden ugur alýar. Şeýle çemeleşme BMG-niň maksatlaryna we Tertipnamasyna doly laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, pugta döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda sebit boýunça goňşy ýurtlar we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň ýola goýulmagyna hem ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe süren başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki saparynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy, halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan dünýä ähmiýetli beýik işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.