Arassaçylyk we saglyk


Arassaçylyk we saglyk



Ynsanyň saglygyny baş baýlygy hasaplamagy şu günüň ýa-da düýnüň ýüze çykaran meselesi däldir. Ynsanyň sagdyn bolmagynyň jemgyýet üçin zerurlygy, onuň şertleri barada aýdylanlar hem gadymy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Ýaşaýşyň ähli üstünlikleriniň sakasynda saglyk bar. Türkmenler gadymy döwürlerden bäri ruhubelent we sagdyn durmuş ýörelgesine eýeren halk hökmünde bellidir. Sagdynlygyň esasy girewi sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilmegidir. Beden hem-de ruhy arassalygy hemişe berjaý edip, ýeterlik hereketde bolmak, sportuň işjeň görnüşleri bilen meşgullanmak, ýagny ýöremek, ylgamak, suwda ýüzmek, tiger sürmek has-da peýdaly bolup, ol uzak we bagtyýar ýaşamaga ýardam edýär. Uzak hem bagtyýar ýaşamak üçin bolsa lukmanlar köpräk hereketde bolmalydygyny, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmalydygyny aýdyp, işjeň hereketiň diňe bir horlanmaga, bedene toplanan artykmaç ýaglardan daşda bolmaga kömek bermek bilen çäklenmeýändigini belleýärler. Beden maşklary gan aýlanyşygyny gowulandyryp, ýürek-damar ulgamyny işjeňleşdirýär, şeýle-de beden dokumalarynda hem agzalarynda madda alyş-çalşygynyň ýokarlanmagy netijesinde, garramak hadysalary haýallaýar. Şeýlelikde, işjeň hereket adamy gipertoniýa, süýjüli diabet, ýüregiň işemiýasy, insult we infarkt ýaly agyr nähoşluklardan goraýandyr. Ýene-de bir bellemeli zat, her bir adam arassaçylyk we saglyk hakyndaky düşünjesini giňeltjek dürli wagyz-nesihat serişdelerini, kitaplary okamaly, öwrenip, netije çykarmalydyr.
Biziň saglygymyz — bu biziň baýlygymyzdyr.

Gülnabat ÇARYÝEWA