ÖRTÜK DAKYN, hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!


ÖRTÜK DAKYN, hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!



Örtügi dogry ulanmagy endik et!

◊ Kadalar ýönekeý bolsa-da, örän möhüm!
◊ Lukmançylyk agyz-burun örtügini ulanmazdan öň, hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdelerden peýdalanmaly.
◊ Dakynanyňyzdan soň, agzyňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi oňat örter ýaly, onuň maýyşgak gysgyjyny burnuňyza tarap egreltmeli hem-de epinlerini düzet-meli.
◊ Örtügi dakynýan wagtyňyzda, oňa eliňizi degirmezlige çalşyň.
◊ Lukmançylyk agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzda, ýörite tutawaçlaryndan tutmaly.
◊ Ulanyp bolanyňyzdan soň, mümkin boldugyça, ony ýapyk zibil gaplara taşlamaly.
◊ Agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzdan soň hem hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly.
◊ Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini 2 sagatdan köp ulanmazlyk maslahat berilýär. Eger-de örtügiňiz bakteriýa garşy ýörite zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen üpjün edilen görnüşde bolsa, ony 3 — 5 sagadyň dowamynda ulanyp bilersiňiz.

Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini, esasan, haýsy ýagdaýlarda dakynmaly?

◊ Adamlaryň köpçülikleýin üýşýän ýerlerinde, jemgyýetçilik ulaglarynda;
◊ Näsag adamyň ýanyna barlanda;
◊ Kesel alamatlary bolan adamlaryň ýanynda;
◊ Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak daşky gurşawyň ýaramaz täsirleri netijesinde adamyň öýkenine, aýratyn-da, dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän tozan bölejiklerinden goranmakda örän ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, şahsy gorag serişdeleri bolan agyz-burun örtüklerini saglygyny goramagyň aladasyny edýän her bir adamyň ulanmagy maksadalaýykdyr.

◊ IŇ ESASY KADA: ýokanç kesellerden goranmak üçin diňe lukmançylyk örtüklerinden peýdalanmak ýeterlik däldir. Bu işi 2 metr howpsuz aralygy saklamak, elleriňizi wagtly-wagtynda sabynlap ýuwmak bilen utgaşdyryň we şu ýönekeý kadalary gündelik endigiňize öwrüň!