Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünlikleri


Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünlikleri



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen ýeňişlerden-ýeňişlere, üstünliklerden-üstünliklere barýar. Bagtyýar zamanamyzda medeniýet we sungat ulgamlarynda hyjuwly zähmet çekýän döredijilik işgärleri milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda uly işleri amala aşyrýarlar.

Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde häzirki zaman şekillendiriş we amaly-haşam sungatlarynyň IX halkara döredijilik sergisi geçirildi. “Suratkeş we jemgyýet: geljegiň sungat ýörelgeleri” atly tema esasynda giň gerimde gurnalan bu halkara sergisine we ylmy-amaly maslahata Beýik Britaniýa, Ermenistan, Türkiýe Respublikasy, Malaýziýa ýaly 35 döwletden, şol sanda Türkmenistan Watanymyzdan hem zehinli suratkeşler gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine öz mynasyp goşandyny goşýan Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi hormatly Prezidentimiziň saýasynda milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatymyzy dünýä tanatmakda uly işleri durmuşa geçirýär. Özbegistan Respublikasynda geçirilen IX halkara döredijilik sergisine Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy, dizaýner suratkeşi Çarymyrat Ýazmyradowyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň mugallymy Azat Myradowyň öz döreden sungat eserleri bilen gatnaşyp, daşary ýurtly tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp bolmaklary biziň ählimiz üçin buýsançly wakadyr. Çarymyrat Ýazmyradowyň döwrebap usullarda rowaýatlaryň, hekaýalaryň gahrymanlaryny, taryhy gymmatlyklarymyzy wasp edýän “Melike”, “Çynarlar”, “Mejnun”, “Marguş” atly çeperçilik eserleri, Azat Myradowyň uly göwrümli “Nuhuň gämisi”, “Müsürde şa bolandan öz ýurduňda geda bol”, “Göroglynyň synagy”, “Ybadat” ýaly surat eserlerindäki kalbyňy ruhlandyrýan taryhy şekilleri, geçmişde şan-şöhrata eýe bolan şahsyýetleriň keşpleri geçirilen halkara serginiň özboluşly bezegine öwrüldiler. Türkmen suratkeşleriniň ýiti zehininden kemal tapan eserler suratkeşiň, aslynda ähli döredijilik adamlarynyň jemgyýetde tutýan ornuny, barha giň gerimleri eýeleýän ähmiýetini, öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan sungat düşünjesiniň adamlaryň ruhy dünýägaraýşynyň kämilleşmegine ýetirýän täsirini maksadalaýyk ýüze çykardylar.



Gülnara KURBANMUHAMMEDOWA.