Şanly baýramlaryň şanyna


Şanly baýramlaryň şanyna



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar durmuşymyz toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär, ähli ugurlarda uly zähmet ýeňişleri gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işleriň netijesinde Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki at-abraýy has-da belende göterilýär. Halkymyzyň il agzybirliginde, ýurt berkararlygynda belleýän iň bir ajaýyp seneleriniň biri hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň günüdir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, adam hakyndaky alada ýurdumyzyň milli kanunçylygynda giňişleýin beýan edilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine 30 ýyl dolmagy, ýurdumyzyň durmuşynda ajaýyp taryhy wakadyr. Bu şanly waka ýurdumyzyň raýatlaryny mähriban Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň has-da pajarlap, belent sepgitlere ýetmegi üçin yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Agzybirligimizi, bitewüligimizi, mukaddes ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň berk binýat sütünidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň milli hukuk ulgamy has-da kämilleşdirilýär.
Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň döwlet derejesinde bellenilmegi hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Aşgabat şäherinde Konstitusiýa binasynyň gurulmagy, şonuň ýaly-da paýtagtymyzda, welaýat we etrap merkezlerinde Baýdak meýdançalarynyň döredilmegi, ýurdumyzda Esasy Kanunymyza we Döwlet baýdagymyza uly ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Garaşsyzlyga eýe bolansoň, döwlet nyşany hökmünde özbaşdak, erkin, Garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet baýdagy döredildi. Ýaşyl ýaýlalarymyzyň reňkini özüne siňdiren Döwlet baýdagymyzda halkymyzyň milli gymmatlyklary, mukaddeslikleri öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda paýtagtymyzdaky «Ylham» seýilgähinde «Konstitusiýam, gülleýşi sen ynsanyň!» atly halypa ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik söhbetdeşliginde, ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýarlygyny kepillendirýän Konstitusiýamyzy, başymyzyň täji hasaplanýan mukaddes Baýdagymyzy wasp edýän çykyşlara giň orun berildi. Şeýle-de ak mermer binalara beslenen, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ösüşleri hem özgerişleri barada çykyşlarda durlup geçildi.
Bu çäräniň Aşgabat şäheriniň gününiň golaýlap gelýän günlerinde geçirilmegi, özboluşly mana eýedir. Aşgabat häzirki wagtda Aziýanyň döwrebap derejede, örän sazlaşykly ösýän şäherleriniň biri. Aşgabadyň ählitaraplaýyn ynamly ösüşleri dünýä nusgalykdyr.
Gözel paýtagtymyzy gülledip ösdürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, tutumly işleri hemişe dowamata dowam bolsun.

Ogulgurban GAŞLAKOWA