TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLERIŇ SAÝLAWÇYLAR BILEN DUŞUŞYKLARY


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLERIŇ SAÝLAWÇYLAR BILEN DUŞUŞYKLARY



5-nji martda Aşgabat şäher häkimligini “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Agrar partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenen, Mary welaýatynyň Häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

* * *

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynda dalaşgärlige hödürlenen “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

* * *

5-nji martda Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Balkan welaýatyndan raýatlaryň teklipçi toparyndan dalaşgärlige hödürlenen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.

* * *

Şeýle hem şu ýerde günüň ikinji ýarymynda Daşoguz welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi.

* * *

6-njy martda paýtagtymyzyň häkimliginiň “Mekan” köşgünde Aşgabat şäherinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Nunnaýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

* * *

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Ahal welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy. 6-njy martda Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň gündogar sebitinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

* * *

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde iň ýokary döwlet wezipesine Mary welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.