Açyk gapylar güni geçirildi


Açyk gapylar güni geçirildi



Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda açyk gapylar güni geçirildi. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Uçurymlara bu ýokary sazçylyk mekdebinde alynyp barylýan işler dogrusynda gyzykly gürrüňler berdiler. Ilki bilen gatnaşyjylar konserwatoriýanyň kitaphanasyna baryp ol ýerdäki aýdym-saz sungaty bilen bagly kitaplar dogrusynda, hormatly Arkadagymyzyň sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde konserwatoriýada edilen işler, döredilen okuw portaly bilen tanyşdylar. Soňra okuwçylar we talyplar konserwatoriýanyň muzeýine we Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýine aýlanyp halypanyň döredijiligi bilen içgin tanyşdylar. Geçirilen açyk gapylaryň çäklerinde okuwçydyr talyp ýaşlar, okuw jaýynda hereket edýän dürli ugurlar, okuwlaryň geçiriliş görnüşleri bilen tanyşyp halypa mugallymlardan peýdaly maslahatlary we gyzykly söhbetleri diňlediler.