WATANYŇ WE HALKYŇ ÖŇÜNDE BITIRILEN AÝRATYN HYZMATLAR ÜÇIN DÖWLET SYLAGLARY
Paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuşykdysady taýdan ösdürilmegine, halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerini, döredijilik işgärlerini, zähmet weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda we baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlyklary üçin ildeşlerimiziň birnäçesi «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglanyp, hormatly atlara mynasyp boldular. Döwlet sylaglarynyň we hormatly atlaryň dabaraly gowşurylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tejribesini, bilimini hem-de ukyp-başarnygyny Watanymyza hyzmat etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna ýurdumyzda aýratyn hormat goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Maksada okgunly, zehinli, öz borjuna wepaly, watansöýüji şahsyýetler ýaş nesiller üçin nusgalykdyr.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, özleriniň zähmetlerine berlen ýokary baha we ýadawsyz üns-aladalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we mundan beýläk-de eziz Watanymyzyň bähbidine ähli güýçlerini, bilimlerini, tejribelerini, ussatlyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Sahna ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň – dürli umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, meşhur tans we halk döredijilik-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çykyşlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni gatnaşyklary ösdürmäge täze gözýetimleri açan parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň, döwrümiziň özboluşly senasyna öwrüldi.