«Biziň iliň şahyrydyr, bu şahyr»


«Biziň iliň şahyrydyr, bu şahyr»



Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýaty bilen 2020-njy ýylyň 11-nji awgustynda Aşgabat şäherindäki «Bagt ýoly» toý mekanynda Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň 80 ýyllyk şanly toý dabarasy uly ruhubelentlige beslenip geçirildi.
Gözel Şagulyýewanyň merdana watandaşlarymyzyň gujurly zähmetleri netijesinde ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralarynda, şanly senelerimizde, milli baýramçylyklarymyzda täze döreden şygyrlary bilen edýän çykyşlary halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň taryhy özgerişleriniň belent waspy bolup ýaňlanýar. Häzirki döwürde türkmen edebiýatynyň uly rowaçlyklara beslenmeginde Gözel Şagulyýewanyň aýratyn hyzmatlary, uly goşantlary bardyr.
Şygyr sungatynyň ussadynyň şanyna tutulan toý dabarasyna ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary, wagyzçylar, halypanyň kärdeşleri, şägirtleri, şeýle hem medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdyrlar.
Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň söz ussadyna iberen Gutlagy okaldy. Onda «Siz ömrüňiziň kamillik we döredijiligiňiziň gül açýan döwri eziz Watanymyz Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşlere beslenýän, bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görýän döwrüne gabat geldi. Şeýle bagtyýar döwür bolsa şahry üçin ylham akabasy bolup hyzmat etmelidir» – diýlip, döwrümiziň ussat waspçysy Gözel Şagulyýewanyň Watanymyzyň barha gülläp ösmegi üçin bitirýän hyzmatlaryna ýokary baha berilýär.
Dabaranyň dowamynda halypa şahyrymyzyň ömür we döredijilik ýoluna bagyşlanan wideorolige tomaşa edildi, şahyryň Gahryman Arkadagymyzyň goldaw-hemaýaty bilen neşir edilen «Gezdim şygyr dünýäsinde», şeýle hem döredijilik işgärleriniň halypa şahyrymyz baradaky waspnamalary ýerleşdirilen «Biziň iliň şahyrydyr, bu şahyr» atly täze kitaplaryň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy. Ýurdumyzyň halypa sungat we döredijilik işgärleriniň, şägirtleriniň, işdeş ýoldaşlarynyň baýramçylyk gutlaglary diňlenildi. Çykyş edenler Gözel Şagulyýewanyň eziz Watanymyzyň taryhy özgerişlerine goşýan saldamly goşandyna mynasyp baha berlip, agzybir halkymyzy bagtyýar durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdyldy. Ýurdumyzyň ussat aýdymçylary A.Garýagdyýew, A.Myratdurdyýew, A.Berdiýew, S.Hojakowa, Z.Kakaýewa şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Dabarada Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa söz sözläp, döredijilik baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge döredip beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýtdy. Milli Liderimiziň çäksiz goldaw-hemaýatlaryndan ruhlanyp, geljekde-de berkarar döwletimiziň köpöwüşginli medeniýetini we sungatyny has-da ösdürmek, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny, ýurdumyzyň gülläp ösüşini joşgunly wasp edýän kämil eserleri döretmek üçin ähli yhlasyny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Dabaranyň ahyrynda bu sungat baýramyna gatnaşyjylar Milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda durmuşa geçirýän belent maksatlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.