TÜRKMENISTANYŇ TÄZE RAÝATLARYNA PASPORTLAR GOWŞURYLDY


TÜRKMENISTANYŇ TÄZE RAÝATLARYNA PASPORTLAR GOWŞURYLDY



24-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň türkmen halkyna mahsus bolan hem-de täze taryhy döwürde mynasyp beýanyny tapýan ynsanperwerlik däplerine, ýörelgelerine hem-de hoşniýetli erk-islegine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.