TÜRKMENISTAN — BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY: PARAHATÇYLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDE HYZMATDAŞLYK




Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy. Ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýändigini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, jenap Wolkan Bozkyr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýyl bellenilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglary hem-de mähirli sözleri üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik esasda guralýan hem-de dürli ugurlary gurşap alýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň okgunly depginini kanagatlanma bilen belledi.