MILLI ÖNÜMLERIŇ HALKARA SERGISINE GATNAŞYJYLARA DIPLOMLAR GOWŞURYLDY


MILLI ÖNÜMLERIŇ HALKARA SERGISINE GATNAŞYJYLARA DIPLOMLAR GOWŞURYLDY



7-nji awgustda türkmen deňiz kenarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi işini tamamlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen bu giň möçberli forum Türkmenistanyň Merkezi Aziýa hem-de Hazar deňzi sebitleriniň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant bolup, ýurdumyzyň we tutuş sebitiň söwda-ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm orny eýeleýär.
Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň jemleri boýunça sergä gatnaşyjylara halkara derejedäki diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu dabara Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda geçirildi.