Sagdyn iýmitlenmek — saglygyň girewi
«Ertirligiňi özüň iý, günortanlygyňy ýoldaşyň bilen paýlaş, öýlänligiňi bolsa, duşmanyňa ber» diýen aýtgy ähli halklaryň arasynda-da ýörgünlidir. Lukmanlar hem şu ýörelge boýunça iýmitlenmegiň gün tertibini düzmegiň adam üçin peýdalydygyny tekrarlaýarlar. Çünki säher bilen edinilen ertirlik adamy dok saklaýar we ol günüň dowamyndaky naharlanmagyň indiki döwründe naharyň az mukdarda kabul edilmegine täsirini ýetirýär. Köplenç adamlaryň aglabasy wagtynyň ýokdugyny, işe ýa-da okuwa gijä galýandyklaryny, käbiri bolsa säher bilen işdäsiniň ýokdugyny bahana edip, ertirlik edinmegi hökman däl hasap edýärler.
Edil säher bilen irdenki bedenterbiýe maşklaryny etmegiň zerur bolşy ýaly, ertirlik edinmek hem günüň dowamynda adam bedeniniň kuwwatly bolmagynyň möhüm şertidir. Sebäbi ertirlik adamyň işjeňligini ýokarlandyrýar, pikir aýdyňlygyny üpjün edýär, üşükli bolmagyna täsirini ýetirýär. Ertirligiň ukulylyk ýagdaýyndan açmaga hem täsiri uludyr. Lukmanlaryň geçiren barlaglary netijesinde, ertirligiň gandaky süýjiniň derejesini kadalaşdyrýandygy hem-de beýniniň işini sazlaýandygy subut edildi.
Ertirlik adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär. Şonuň üçin ertirlikde iýiljek tagamlaryň gündeki tertibini düzmeli. Ondaky önümleriň dürli-dürlüligini gazanmaly. Ertirligiň düzüminde ösümlik süýümlerine hem-de pro-we prebiotiklere baý bolan önümleriň bolmagy, içegäniň mikroflorasynyň kadaly işlemegini üpjün edýär. Bu bolsa gönüden-göni adamyň bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň güýçli bolmagyna täsirini ýetirýär. Adamyň bedeni infeksiýalara garşy durumly bolýar hem-de dürli keselleriň ýokuşmagyndan goralýar.
Günde ertirlik iýen adamyň ganyndaky glýukozanyň derejesi kadalaşýar. Eger bu kadaly ýagdaý emele gelmese, onda ýeňil ýürek bulanmanyň, ysgynsyzlygyň hem-de kellagyrynyň peýda bolmagy ahmal. Şeýle ýagdaý ýüze çykmaz ýaly, süýde bişirilen ýarma, miwe kişdesi hem-de bir bölek şokolad iýmek ýeterlikdir.
Dogry iýmitlenmek sagdynlygyň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem irden witaminlere baý iýmit bilen iýmitlenmegiň saglyga edýän peýdasy örän uludyr. 7-8 sagatlyk ukudan soň, bedeni peýdaly iýmit iýmek bilen gurplandyrmak hökmandyr. Gije «dynç» alan beden agzalary irden işjeňlik bilen herekete geçmäge taýýar bolýar.
Ertirlik üçin düzümi witaminlere baý önümleri saýlamalydyr. Süýt önümleriniň düzümi kalsiý, fosfor, uglewod we adam bedenine peýdaly bolan beýleki witaminlere baýdyr. Süýt, gatyk, peýnir, süýde bişirilen ýarmalar (süle, bugdaý, greçiha, arpa ýarmasy), ýumurtga hem-de halaýan miwäňiz hem ertirlik saçagyňyzyň bezegi, hem saglygyňyzyň berk bolmagy üçin ýokumly iýmit bolar. Irden arybally, mürepbeli çaý, böwürslenden ýa-da çopantelpekden taýýarlanan demlemäni içmek hem peýdalydyr.
Ertirligi wagtly-wagtynda edinmegi ýola goýmaly. Onuň üçin, ilki bilen, ukynyň kadaly bolmagy hökmandyr. Dowamly ukusyzlyk, kesgitlenen wagty uka sarp etmän, gijelerine dürli güýmenjelere güýmenmek, zyýanly endiklere baş urmak ertirki gün adamda dartgynly ýagdaýy, ýadawlygy, ysgynsyzlygy, hatda kellagyryny emele getirmegi ahmal. Şol sebäpli her bir adam gün tertibini dogry düzüp, onuň yzygiderliligini saklamaly. Biz säher bilen turup, irdenki maşklary ýerine ýetirenimizden soň, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Ertirlik edinilende gyssanmaçlyga ýol bermeli däldir. Şonuň üçin işe ýa okuwa gitmezden 1 — 1,5 sagat ozal turup, irdenki ýerine ýetirmeli hereketlerimizi wagtynda etmäge mümkinçilik döretmeli.
Ertirlik kadaly hem-de saglygyňyz üçin ýokumly bolar ýaly, agşamlyk naharyňyzy ukudan 3-4 sagat öň edinmelidir. Agşamlyk nahar gök önümlerden taýýarlanan işdäaçar bilen äberilse has peýdaly bolar. Mümkin bolsa, hamyrly tagamlary azrak iýmeli. Ýatmazdan ozal iýlen miweler siziň bedeniňizi witaminleriň gerek mukdary bilen üpjün eder hem-de rahat ukynyň bolmagyna oňyn täsirini ýetirer.
Geçirilen barlaglar ertirligiň semremegiň, aşgazan keselleriniň öňüni alýandygyny subut etdi. Çünki adamlar irden ertirlik edinmeseler, onuň öwezini dolmak üçin köke, keks, bulka ýaly tagamlar bilen ýygy-ýygydan garbanýandyklary anyklanyldy. Ýa-da ajöze kofe içilse, aç garna günortanlyk köp mukdarda iýilse, bu ýagdaýlar aşgazana agram salýar. Bularyň bolsa aşgazan keselleriniň ýüze çykmagyna getirmegi mümkindir. Şonuň üçin ertirligi wagtynda we dogry edinmek siziň sagdynlygyňyz üçin peýdalydyr. Ýeri gelende, ertirlik naharynyň kaloriýasynyň günüň dowamynda harç edilýändigini hem bellemelidiris. Diýmek, käbir adamlaryň ertirligiň semizlige eltýändigi baradaky pikiriniň ýalňyşdygyny belläp, gaýtam onuň öňüni alýandygyny ýene-de bir gezek tekrarlamalydyr.
Annamyrat HANOW