ARKADAG ŞÄHERINE DEGIŞLI WEZIPELERI ÝERINE ÝETIRMEK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI MEJLIS


ARKADAG ŞÄHERINE DEGIŞLI WEZIPELERI ÝERINE ÝETIRMEK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI MEJLIS



25-nji martda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki mejlis geçirildi. Mejlise Arkadag şäheriniň dolandyryş we beýleki edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.