«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi


«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi



Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda zehinli ýaş neslini terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň abraýly festiwallara, döredijilik gözden geçirilişlere we dürli döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bagşy- sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigi halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe boldy. Bäsleşigiň baş maksady türkmen halkynyň köpöwüşginli mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak bolup durýar.

Ýakynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça jemleýji tapgyry Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň sahnasynda geçirildi. Bäsleşige Lebap welaýatyndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan bagşy-sazandalar gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeklerinde halypalarymyzdan galan çuň mazmynly aýdymdyr sazlar belentden ýaňlandy. Şeýlelikde, ýaş bagşy-sazandalaryň içinden emin agzalarynyň gelen netijeleriniň esasynda aýratyn ýerine ýetirijiligi, ýokary ussatlyk bilen tapawutlanan sazandalaryň 2-si, ýagny Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Akmyrat Hoşşyýew we Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Gunça Ziýatdinowa, şeýle-de bagşylaryň 2-si, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Akjemal Halmyradowa we Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Saýat şäher medeniýet öýüniň akkomponiatory Kerim Annakulyýew «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bu dabara tanymal bagşy-sazandalar, aýdymçylar, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň geçen ýylky ýeňijileri, aýdym-saz söýüjiler, çykyş eden bagşy-sazandalaryň hossarlary we muşdaklary, şeýle-de medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri agzybirlikde gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň zehinli bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi sungat äleminde täze zehinli bagşydyr sazandalaryň ýüze çykmagyna uly ýol açýar. Jemleýji tapgyryna gatnaşjak bagşy-sazandalara üstünlikleri arzuw edýäris!

Zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.