Mary welaýatynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň açylyş dabarasy boldy


Mary welaýatynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň açylyş dabarasy boldy



Şu gün Mary welaýatynyň Mary şäherindäki welaýat kitaphanasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň açylyş dabarasy boldy.

Halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystan, Täjigistan, Özbegistan we Gyrgyz Respublikalarynyň wekilleri geldiler. Olaryň hatarynda dostlukly döwletleriň ylym, bilim, medeniýet, sungat, parlament ulgamlarynyň ýaş wekilleriniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaýyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ilçileriniň bolmagy bu gezekki çäräniň sebit we halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedigini görkezdi.

Ir bilen Mary welaýat kitaphanasynyň öňündäki giň meýdançada sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda welaýatyň çäginde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň, umumybilim berýän orta mekdepleriniň diwarlyklaryna giň orun berildi. Şeýle-de sergide görkezilen ajaýyp surat eserleri, türkmen milli egin-eşikleri, şaý-sepleri — milli gymmatlyklarymyz halkara foruma gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň dabaraly açylyşy hem-de umumy mejlisi boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary, bilim, ýaşlar, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Onda bellenilişi ýaly, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilimde, ylymda we innowasiýalarda, medeniýetde, sungatda ýaşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy, parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmakda Bitarap Türkmenistanyň toplan baý tejribesi, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde ýaşlaryň orny ýaly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyljak bu forumyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasynda bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar syýasaty meseleleri boýunça mümkinçilikleri birleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy çykyş edip, ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaş döwletler bilen bilelikde gadym döwürlerde Gündogaryň hem Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde gaýtadan dikeldilmegine işjeň gatnaşýandygyny, şunda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna uly ornuň degişlidigini nygtady.

Şeýle-de «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyň umumy mejlisiniň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetleriniň agzalary çykyş etdiler. Çykyşlarda bu forumyň sebit we halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryny aňladýandygy bellenildi. Şeýlelikde, maslahatlaryň, duşuşyklaryň we dürli medeni çäreleriň giň toplumyny öz içine alýan halkara ýaşlar forumynyň işi 18-nji noýabra çenli dowam eder.