Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar



Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy zerarly gynanç hatlary gelip gowuşýar.



Ukrainanyň halk deputaty, Türkmenistan bilen parlamentara gatnaşyklary boýunça deputatlar toparynyň ýolbaşçysy Ý.Şewçenko, Saud Arabystany Patyşalygynyň patyşa maşgalasynyň agzasy Muhammed ben Saad ben Halid Al-Saud Gahryman Arkadagymyza gynanç hatlaryny iberdiler.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Buig” fransuz kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig, “Buig” kompaniýasynyň baş direktorynyň telekommunikasiýalary ösdürmek, korporatiw durmuş jogapkärçiligi we innowasiýalar boýunça orunbasary, “Buig Telekomyň” ýolbaşçysy Edward Buig, Owganystanyň “Venco Imtiaz Construction Co.” gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ustad Rahimullah Şahsawar, Owganystanyň Halkara söwda palatasynyň başlygynyň orunbasary, “Yama Petrol Co. LTD” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Saýid Karim Haşimi çuňňur gynançlaryny bildirdiler.

Goý, Allatagala Ogulabat ejäniň jaýyny jennet etsin diýlip, gynanç hatlarynda bellenilýär.



Türkmenistan gazeti.