Saglygym-baýlygym


Saglygym-baýlygym



1. Suwunyň arassadygyna gözüň ýetik bolmadyk, zyýansyzlandyryş çäreleri geçirilmedik ýapda ýa-da beýleki açyk suw howdanlarynda suwa düşmekden saklanmaly.
2. Miweleri, gök önümleri çigligine ulanmazdan öň, biraz wagtlap sowadyjyda saklamaly. Soňra akar suwuň astynda ýuwmaly. Oňat bişmedik miweleriň içgeçmäniň ýüze çykmagyna getirip biljekdigini unutmaň!
3. Tomusda Günüň gyzýan wagtynda kölegesiz ýerde durmaly däldir. Irden sagat 10-dan öýlän sagat 18-e çenli açyk Günüň astynda durmak zyýanlydyr.
4. Tomusda Günüň zyýanly ultramelewşe şöhlesinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan tikilen ýeňil we giň biçüwli geýimleri, ak reňkli başgap geýmeli. Dar eşik geýmek maslahat berilmeýär. Şeýle eşikler hereketiňi gowuşgynsyzlaşdyryp, dem almagy kynlaşdyrýar.
5. Daşary çykanyňda saýawan götermeli, äýnek dakynmaly.
6. Tomusda gözellik serişdelerini we atyrlary ulanmak maslahat berilmeýär. Olaryň düzüminde Gün şöhlesiniň täsiri bilen deride menekli tegmilleriň döremegine itergi berýän efir ýaglarynyň saklanmagy mümkin.
7. Ýanyňda gaýnadylyp, sowadylan suw saklamaly we suwsanyňda içip durmaly. Munuň özi yssy howada bedeniň suwsuzlanmagynyň öňüni almaga ýardam eder.