KAFEDRA HEPDELIGINDE YLMY-USULY MASLAHAT
Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyda hem okuw ýylynyň dowamynda kafedralaryň hepdeliklerini gurnamak we işjeň geçirmek däbe öwrüldi. Ýaňy-ýakynda konserwatoriýanyň “Sazyň nazaryýeti” kafedrasy tarapyndan gurnalan hepdeligiň çäginde ýokary okuw mekdebinde mugallymlaryň berýän bilimleriniň hilini ýokarlandyrmak hem-de talyplary okuw prosesine has işjeň çekmek maksady bilen birnäçe çäreler geçirildi. Hepdeligiň açylyşynda Türkmenistanyň ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Orta hünär saz bilimi ulgamynda taryhy-nazaryýet derslerini okatmagyň usulyýeti” atly ylmy-usuly maslahaty geçirildi. Maslahata Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň sazçylyk we sungat mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.
Ylmy-usuly maslahatda taryhy nazaryýet derslerini okatmagyň wajyp meseleleri, dersleriň mazmunyny we gurluşyny täzelemegiň ýollary, taryhy-nazaryýet dersleriniň usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary hem-de saz-nazaryýet we taryhy dersleriniň dersara baglanyşygy baradaky tematiki ugurlar boýunça çykyşlar edildi. Maslahatyň başynda “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň müdiri Şemşat Annagylyjowa diňe bir öz talyp ýaşlarymyz bilen däl eýsem, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän ýörite sazçylyk sungat mekdeplerinden ýa-da beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de ýaş mugallymlary bilen bilelikde birnäçe çäreleriň geçirilýändigi we meýilleşdirilýändigini aýdyp, ýurdymyzda ýaşlary ylma çekmek, saz ulgamy boýunça berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak esasy öňe sürülýän we üns merkezinde durýan meseleleriň biri bolup durýar diýip belläp geçdi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Owenyýazowa E. N “Solfejio dersinde intonirlemekde ýüze çykýan meseleler” atly temasy bilen çykyş etdi.
Owenyýazowa E. N intonasion gönükmeler solfejio dersiniň iň bir wajyp bölekleriniň biri bolup, intonasion gönükmeleri aýtmak bilen bir hatarda saz teoriýasy, eşidiş derňewi we saz diktanty ýaly işler ugurdaş alnyp gidilýär, şonuň üçin hem her bir solfejio mugallymynyň temalary özleşdirmeklige gönükdirilen intonasion gönükmeleriň kompleksini işläp taýýarlamagy hökmanydygyny belläp geçýär we öz okadýan talyplary bilen taýýarlan birnäçe wideo sapaklaryny diňleýjilere görkezdi.
“Saz edebiýaty dersini okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň interaktiw usullary” atly tema bilen Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri Şirin Allabaýewa talyp ýaşlaryň saz bilimini has hem ösdürmek we bilim derejelerini barlamak üçin sorag-jogaplaryň interaktiw usulyny girizmek barada aýratyn belläp, wideoşekiller arkaly Saz edebiýaty dersinden iş pursatlaryny görkezdi.
Balkan welaýat ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri “Solfejio dersinde äheň gönükmeleri” atly tema bilen Olesýa Grigorewskaýa hem özüniň saz tejribesini gürrüň berdi.
“Saz teoriýasy dersinde häsiýetli ses aralyklary” atly tema bilen Marynyň Ý. Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri Rozyýew Nurymyrat çykyş etdi. Çykyşynyň dowamynda Bagşyçylyk sungaty, Saz mugallymçylygy, Aýdym aýtmak ýaly hünärlerde okaýan ýaş talyplara saz teoriýasy dersindäki temalary öwrediş usullarynyň birnäçesini görkezdi. Saz edebiýaty dersi boýunça Marynyň Ý. Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Kerekulyýewa Gülälek “Saz edebiýaty dersinde okatmagyň käbir görnüşleri we usullary” atly temasy hem ýaş mugallymlaryň iş tejribesini artdyrmak üçin örän peýdaly boldy.
“Saz edebiýaty” dersinde okatmagyň käbir görnüşleri we usullary: dersiň maksady we mazmuny, kompozitoryň ömri we döredijiligi, saz diňlemek, bilimleri barlamak boýunça özüniň taýýarlan wideosapaklaryny görkezdi. Talyplara internet maglumatlary, gazet-žurnallardan maglumatlar, kompozitoryň suratyny çekmek, temany gürrüň bermek we eserleri saz guralda ýerine ýetirmek, kompozitoryň suratyny çekmek ýaly özbaşdak iş usullaryny ulanýandygy barada belläp geçdi.
Türkmenistanyň ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde garmoniýa, solfejio we saz edebiýaty derslerini okatmak baradaky gyzykly çykyşlar maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.