TÜRKMENISTAN – BMG: NETIJELI GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ ÝOLUNDA


TÜRKMENISTAN – BMG: NETIJELI GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ ÝOLUNDA



Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna eýerýän Türkmenistan döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Şunda BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Toplanan baý tejribä, mümkinçiliklere esaslanýan bu köpugurly gatnaşyklar häzirki döwürde täze hil we mazmun taýdan yzygiderli baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösüşe we netijeli häsiýete eýedir. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hereket edýär. Bu merkez türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça açyldy. Munuň özi Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň goşulyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýlelikde, BMG-niň esasy maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýän döredijilikli döwlet syýasatyny amala aşyrýan hem-de parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini öňe sürýän Türkmenistan netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, sebit, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen özara kabul ederlikli çözgütleriň taýýarlanylmagyna saldamly goşant goşýar.