Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
1-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşyladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we täze şäherde gurluşygy alnyp barylýan metjidiň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň gözel künjekleriniň birinde Arkadag şäheriniň bina edilendigini, bu ýerleriň howa gurşawynyň ýakymlydygyny belläp, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulyp gurulmalydygyny, şunda şäheriň ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary, dünýäniň ösen tejribesi işjeň ulanylmalydyr.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Arkadag şäheriniň täze metjidiniň gurluşygynda ulanylýan serişdeler hem-de onuň bezeg işleriniň özboluşly aýratynlyklaryna degişli taslamalar bilen tanyşdy. Gurluşygyna badalga berlen metjidiň umumy meýdany 12,9 gektara barabar bolup, onuň gurluşygynda häzirki zamanyň iň täze usullary we ösen tejribesi işjeň ulanylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde dürli ugurlarda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, her bir desganyň täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine zerur üns bermelidigini tabşyrdy.
Bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary görkezildi. Olaryň hatarynda täze şäheriň «Saglyk» seýilgähiniň şekil taslamasy, täze seýilgähiň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän baglaryň görnüşleri, suw çüwdürimler, seýilgähiň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri, suw çüwdürimlerine degişli taslamalar bar.
Mundan başga-da, bu ýerde Arkadag şäheriniň Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasynyň, Muzeý binasynyň, Saglyk öýüniň, Awtotoplumyň we bellige alyş nokadynyň, Demir ýol menziliniň, Ýangyna garşy göreş gullugynyň, Söwda we hyzmat ediş toplumynyň, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem «Arkadag» futbol toparynyň ýörite nyşanlarynyň teklip edilýän görnüşleri görkezildi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde ýerine ýetiriljek gurluşyk işlerine häzirki zamanyň öňdebaryjy gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmalydygyny belledi we Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, innowasion tehnologiýalaryň netijeli ulanylmalydygyna we meýilleşdirilen ähli işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol topary üçin niýetlenen nyşanlaryň görnüşleri bilen tanşyp, olarda milli sportuň ösdürilmegine, aýratyn-da, ýaşlaryň ýokary netijeli sporta çekilmeginde, türkmen futbolynyň ösüşiň ýokary derejesine çykmagynda ähmiýeti bolan many-mazmunyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.