TÜRKMEN HALKYNYŇ TARYHY-MEDENI MIRASYNYŇ DÜNÝÄDÄKI ŞÖHRATY HAS-DA BELENDE GALÝAR


TÜRKMEN HALKYNYŇ TARYHY-MEDENI MIRASYNYŇ DÜNÝÄDÄKI ŞÖHRATY HAS-DA BELENDE GALÝAR



4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde “Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy duşuşyk geçirildi. Duşuşyga degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenler gatnaşdylar.