Türkmenistan eseri


Türkmenistan eseri



Ýapon suratkeşi Miçio Kominäniň çeken «Türkmenistan» atly eseri Tokio şäherinde geçirilen 55-nji Halkara «Sin-Inten» sergisine gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.

«Metropoliten Art» Tokionyň şekillendiriş muzeýinde sergilenen eserde ahalteke bedewi, gül açýan sähra we Türkmenistanyň baýdagy şöhlelenýär. Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny döredýän sungat eserleri bilen wagyz edýändigi üçin ýapon suratkeşi Miçio Komine hoşallyk bildirdi we döredijilikde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Ahalteke bedewleri özüniň gaýtalanmajak gözelligi bilen halkymyzyň milli buýsanjydyr.