Arassaçylyk — saglygyň girewi
Saglyk — bu tebigatyň ynsana beren peşgeşi, ynsanyň durmuşyndaky esasy gymmatlyk, adam bedeniniň fiziki we ruhy güýçleriniň kadaly ýagdaýy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmek üçin zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertleri döretdi. Ýöne, şol saglygy gorap saklamak babatynda her bir adamynyň öz şahsy jogapkärçiliginiň bardygyny asla unutmak bolmaz.
Her bir adamyň kesellerden goranmagy, sagdyn ýaşamagy hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta berjaý etmegi arassaçylyk medeniýetiniň ýokarlanmagyna, dürli ýokanç keselleriň, ýaramaz endikleriň öňüniň alynmagyna ýardam edýär. Sagdyn nesliň kemala gelmeginde ulularyň göreldesi, olaryň keselleriň öňüni almaga gönükdirilen degerli maslahatlary, şol sanda, arassaçylygyň dogry we doly berjaý edilmegi uly ähmiýete eýe bolup durýar. Güýz paslynda howanyň salkynlamagy, üýtgemegi, onda zyýanly tozanjyklaryň peýda bolmagy bilen keselleri dörediji mikroblar, bakteriýalar we wiruslar köpelýär. Güýz aýlarynda ýüze çykýan näsazlyklara garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, arassaçylyga, kadaly we dogry iýmitlenilmegine aýratyn üns bermeli.
Häzirki döwürde ýurdumyzda keselleriň öňüni almak babatda giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Geçirilýän çäreler bolsa suwlaryň arassalygyna gözegçilik etmekligi, akaba suwlaryň daş-töweregini arassa saklamaklygy, ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmekligi we saglyk hakynda wagyznesihat işlerini geçirmekligi öz içine alýar. Şeýlelikde, azyk önümlerini ýygnamakda, saklamakda, taýynlamakda hem-de jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, söwda we çagalar edaralarynda, mekdeplerde sanitar ýagdaýlary gözegçilikde saklanýar.
Keselleri dörediji mikroblar, bakteriýalar we wiruslar daşky gurşawda durnukly saklanýanlygy sebäpli suwda we azyk önümlerinde öz kesel ýaýradyjy häsiýetlerini ýitirmeýärler. Bu bolsa adamlara kesellemek howpuny salýar. Hut şonuň üçin her bir adam, ylaýta-da, çagalar arassaçylyk düzgünlerini dogry we doly berjaý etmelidirler. Her bir adam öýlerini, otaglaryny arassa saklamaly, ýygy-ýygydan çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli, penjireleri açyp ýelejiretmeli we howasyny çalşyp durmaly, jaýyň we howlynyň daş-töweregini süpürip, zir-zibilleri aýyrmaly. Mundan başga-da, otaglarda üzärligi tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýratmak hem birnäçe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alýar. Bakteriýalaryň ýok edilmegine, adam bedeniniň kesele durumlylygyna ýardam edýär.
Günüň dowamynda adamlar, ylaýta- da, çagalar elleri bilen öýde, ýolda, ulagda tutawaçlary tutýarlar, meýdançalarda oýun oýnaýarlar. Bu ýagdaýlar bolsa ellerimizde göze görünmeýän keselleri dörediji mikroblary köp mukdarda galdyrýar. Her bir adam daşardan gelnenden soň, nahardan öň we soň, okuwçylar bolsa okuw esbaplaryny, smartfony, planşeti ulanandan soň hökmany suratda sabyn bilen ellerini gowy ýuwmalydyr. Sebäbi, howply keselleriň köpüsi elleriň üsti bilen geçýär. Elleri ýygy- ýygydan sabyn bilen gowy ýuwup durmaly. Ilki bilen, eliň aýasyny, soňra daş ýüzüni, barmaklaryň arasyny sabyn bilen gowy ýuwup, akar suwuň aşagynda elleri durlamaly, soňra bolsa elsüpürgiji ýa-da desmal bilen pugta süpürmeli.
Arassa howa adamyň bedenine oňaýly täsir edýär we howa ýagdaýyna garamazdan, arassa howada gezelenç edilende pasyla görä geýinmeli, daşa çykmazdan öň burun boşlugyna oksolin melhemini çalmaly, dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goranyş serişdesini, ýagny, agyz-burun örtügini dakynmaly we jemgyýetçilik ýerlerde howpsuz araçägi saklamaly. Adamyň egin-eşikleri rahat, ýeňil, ylaýta-da, çaga hereketlerine päsgel döretmeýän bolmaly. Adamyň aýakgaby arassa saklanmaly, şeýle hem özüne laýyk, rahat, ýeňil, ökjesi bolsa ýumşak bolmaly.
Azyk önümlerini ýurdumyzda azyk önümleriniň satuwa rugsat berlen ak bazarlaryndan, söwda merkezlerinden, dükanlaryndan we söwda nokatlaryndan satyn almalydygyny ýatladýarys hem-de olaryň daşky görnüşine, terligine, hiline, ýaramlylyk möhletine, ýokumlylygyna üns berilmelidir. Satyn alnan azyk önümlerini sowadyjyda saklamak zerurdyr. Kömelegi bolsa bir gije- gündizden köp saklamaly däldir. Adam öz iýýän iýmitiniň arassa bolmagyny gazanmalydyr. Diňe arassa agyz suwuny ýa-da sowadylan gaýnan suwy ulanmalydyr. Sebäbi, içgeçme keseliniň mikroblary köp wagtyň dowamynda suwda saklanyp bilýärler. Aşgazana arassa bolmadyk iýmitleriň düşmegi dürli keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Iýilýän islendik gök önümler, miweler, gök otlar iýilmezden öň, gowy edip akar suwuň aşagynda ýuwulmaly. Miwedir gök önümleriň sowadyjylarda uzak wagtlap saklanylmagy hem olaryň zaýa bolmagyna sebäp bolup bilýär. Şeýle önümleri peýdalanmak saglyk üçin örän zyýanlydyr. Azyk önümleri, gapgaç saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler arassa bolmalydyr. Aşhanada tagamlar taýýarlanylanda öý bikeleri aýratyn ünsli bolmaly. Nahary agzy ýapyk gapda saklamaly.
Ýatda saklaň! Arassaçylyk saglygyň girewidir, ony dogry we doly berjaý etmek biziň baş borjumyzdyr.
Gurbanjemal ARTYKOWA