Baýramçylyk konserti
Türkmen Bedewiniň milli baýramy mynasybetli 2020-nji ýylyň 20-nji aprelinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň gurnamagynda baýramçylyk konserti geçirildi.
Türkmeniň Gamyşgulak bedewlerine bagyşlanyp geçirilen bu ajaýyp konsertde «Türkmen milli saz gurallary» bölüminiň ýerine ýetiren birnäçe aýdym-sazlary tomaşaçylaryň göwün dünýäsini awlady.
Konsertde okuw mekdebiniň «Türkmen milli saz gurallarynyň» bölüminiň «Halk saz gurallary» orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Pars marşy» atly sazyny, şeýle-de, orkestriň sazandarlyk etmeginde we şol bölümiň II ýyl talyby H.Babaýewiň gyjak saz guralynda ýerine ýetirmeginde «Çardaş» sazyny we bölümiň mugallymy D.Daňatarowyň dutar saz guralynda ýerine ýetirmeginde Çary Nurymowyň «Şelpeli durna» türkmen halk sazyny, tüýdükçiler we gopuzçylar toparlarynyň ýerine ýetirmeginde belli türkmen sazlaryndan düzülen «Saz çemenleri», gyjakçylar ansamblynyň ýerine ýetiren «Ýylgaýlar» halk sazyny bu ýere ýygnananlar uly höwes bilen diňlediler. Konsertiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyndaky ajaýyp setirler okaldy.
Konsertiň ahyrynda konserte gatnaşyjylar ajaýyp bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýäde dabaralandyryp, döredijilik işinde görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýtdylar.