KADALY IÝMITLENMEK — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY
Gyş paslynda adam bedenindäki ýylylygy saklamak üçin köp mukdarda witaminlere baý bolan önümler gerek bolýar. Diýmek, ýygy-ýygydan iýmitlenip durmaly. Gyş möwsüminde güýzde ýygnalan miweleri, gök önümleri ulanmaly bolýar. Ýeralma, käşir, şugundyr köp wagtlap zaýalanmaýar, ýöne olaryň düzümindäki peýdaly maddalaryň kem-kemden ýitýändigini göz öňünde tutmaly. Ýeralmanyň her gün ulanylýan mukdary 200 gramdan köp bolmaly däl. Şeýle hem käşir, şugundyr peýdaly önümlerdir.
Saglygyň sakasy kadaly iýmitlenmekdir. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki we ruhy sazlaşygyny üpjün edýär. Iýmitiň düzüminde ýaşaýyş üçin derwaýys maddalaryň zerur mukdarda bolmagy hökmanydyr. Munuň özi bedendäki maddalaryň deňagramlylygynyň saklanmagyny üpjün edýär. Gyş paslynda kakadylan miwelere, gök önümlere üns bermeli. Kakadylan miwelerden taýýarlanan şireler, malina şiresi sowuklama kesellerinde ulanylýar. Gyzgyn çaý we kofe bedendäki ýylylygy saklamaga ýaramly. Alma, galyň gabykly sitrus miwelerinden peýdalanmaly, çünki olarda witaminler uzak wagtlap saklanýar. Olary sykyp, şiresini içseň, witamin ýetmezçiligi duýulmaýar.
Iýmitleniş ähli pasyllarda dürlüçe bolýar. Mahlasy, bedenimizi sagdyn saklamak üçin gök we miwe önümlerinden dogry iýmitlenmegi başarmaly.
Maýagül GARAJAÝEWA