Milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen duşuşdy


Milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen duşuşdy



1-nji martda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi we onuň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.