Halkara bäsleşiginiň ýeňijileri


Halkara bäsleşiginiň ýeňijileri



Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetçilik syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar. Golaýda Türkmenistanyň döwlet Çeperçilik akademiýasynyň birnäçe mugallymlarydyr talyplary halkara bäsleşiginiň ýeňijileri boldular.

Russiýa Federasiýasynyň “ERUDIT” halkara derejesindäki onlaýn bäsleşiginde “I. I.Şişkiniň döredijiligi” boýunça “Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Bahar Rejepowa 1-nji orna mynasyp boldy. Şeýle hem “Мировая наука” atly ylmy žurnalynda “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy Sanjarbek Ismailowyň “Häzirkizaman binagärliginiň meseleleri we mümkinçilikleri” boýunça ýazan makalasy üçin şahadatnama bilen sylaglandy.

Talyp ýaşlaryň üstünlik gazanmagynda “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymlarynyň goşan goşantlary uly bolup, olar hem onlaýn bäsleşigine işjeň gatnaşyp hormat haty bilen sylaglandy.

Russiýa Federasiýasynyň Kazan şaheriniň “Ýaş alym” atly halkara ylmy žurnalynda “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň müdiri Azat Alihanowa “Description of horses in sculpture” (Heýkeltaraşlykda bedewiň waspy) atly makalasy bilen gatnaşandygy üçin şahadatnama berildi.

Russiýa Federasiýasynyň “ERUDIT” halkara derejesindäki onlaýn bäsleşiginde “Şekillendiriş sungatynyň taryhy” boýunça “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Hudaýar Gylyçmyradowyň 1-nji ýere mynasyp bolandygy üçin “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň müdiri Azat Alihanow hormat haty bilen sylaglandy.

Russiýa Federasiýasynyň pedagogika portalynda “Güneşli gün” webinaryna gatnaşandygy üçin “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy Maýa Arazgeldiýewa şahadatnama bilen sylaglandy.

Gülşat ANNASEÝIDOWA.