Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat geçirildi


Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat geçirildi



Şu gün — 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap!» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Dabara ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmäge bagyşlandy.

Dabaranyň başynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşylary topary Aýjemal Gaýlyýewanyň sözlerine, Gurbanmyrat Baýjykowyň sazyna döredilen «Alkyş aýdýas Arkadagly Gahryman Serdara!» atly aýdymy ýerine ýetirdiler.

Maslahatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy ähmiýetli uly wakalara beslenip, şolaryň türkmen halkynyň köpasyrlyk demokratik ýörelgeleriniň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm syýasy meseleleri çözmekde tutuş halkymyz bilen maslahatlaşmak ýaly asylly däpleriniň häzirki döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrülendigi bellenildi. Çykyşlarda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny dabaraly baýram etmek maksady bilen, giň möçberli çäreleriň geçirilendigi barada durlup geçilip, şol çäreleriň Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Diýarymyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmeleriň taryhy ähmiýetini, ýurdumyzyň gazanan halkara abraýyny dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmäge mümkinçilik berendigi nygtaldy.

Maslahatyň dowamynda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly baýramçylygynyň toýlanýan senesiniň öňüsyrasynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine aýratyn üns çekildi. Şondaky çykyşlarda hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen baglanyşykly öňe sürlen teklipleriň we şol teklipleriň goldanmagynyň ajaýyp wakalar hökmünde ýurdumyzyň täze taryhynyň altyn sahypalaryna ýazylandygy nygtaldy. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleriniň häzirki taryhy döwrüň hakykatyny açyp görkezip, halkymyzda Garaşsyz Watanymyza buýsanç duýgusyny terbiýelemekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýedir diýlip bellenildi. Şunda bolsa eziz Diýarymyzyň hakyky keşbi merdana halkymyzyň erkin we bagtyýar durmuşy, egsilmez maddy hem-de ruhy mümkinçilikleri, synmaz erki aýdyň ýüze çykýar diýip çykyş edenler bellediler.

Maslahatyň dowamynda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli pudaklarda baý tejribe toplap dünýäniň ykdysady taýdan ösýän kuwwatly döwletleriniň hatarynda orun aldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşini, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri görüp ähli halkymyzyň ruhy galkynýar. Şeýle bolansoň şeýle beýik işleriň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we şol işleri mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz zähmeti, uly yhlasy halkymyza, Watanymyza bolan beýik söýgüsi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ösüşiň belent belent sepgitlerine ýetirýär. Halk Maslahatyna gatnaşyjylaryň bular barada aýdan pikirleri boýunça hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak hakynda öňe süren teklipleriniň goldanylyp, degişli çözgütleriň kabul edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk köpçüligi tarapyndan uly goldawa mynasypdygyny alamatlandyrýar diýip, çykyşlarda bellenildi.

Dabaraly maslahatyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym sazly çykyşlar onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ajaýyp aýdymdyr sazlarda Watanymyzyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleri, halkymyzyň bagtyýarlygy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly edilip, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş namalary ýaňlandy. Aýdym-sazly çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriniň wasp namasy bolup kalplarda ornaşdy hem-de ajaýyp wakalar mynasybetli guralan maslahatyň baýramçylyk öwüşginini artdyrdy. Bu bolsa ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, täze taryhy eýýamyň giň möçberli maksatnamalarynyň we wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli bilimlerini hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna bolan ynandyrmalar bilen utgaşdy.

Dabaraly maslahatyň dowamynda ýagty geljege tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň mundan beýläk-de abadançylygynyň halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegi ugrunda amala aşyrylýan beýik işler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sözleri beýan edilip, janlarynyň hemişe sag, ömürleriniň uzak, döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işleriniň elmydama rowaç bolmagy arzuw edildi. Dabaraly maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Ýüzlenme kabul edildi.

Dabaraly maslahaty «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejebow alyp bardy.