TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: ABADANÇYLYGYŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK
Türkmen halky dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna, kämilleşmegine täsir eden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen giňden meşhurdyr. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde taryhy-medeni mirasymyzyň umumadamzat ähmiýetli nusgalarynyň dünýä medeniýetinde tutýan ornuny ebedileşdirmekde möhüm işler işjeň alnyp barylýar. Bu ugurda Türkmenistan döwletimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hyzmatdaşlygyna giň orun degişlidir.
Türkmenistan 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda bolsa ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Bu Konwensiýanyň çäginde Gadymy Merw, Köneürgenç we Parfiýanyň Nusaý galalary bu guramanyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri onuň iň işjeň agzasy bolup durýar. Bu Konwensiýanyň çäginde 2015-nji ýylda «Görogly dessançylyk sungaty», 2016-njy ýylda köptaraplaýyn hödürnama esasynda «Nowruz» baýramy, 2017-nji ýylda «Küştdepdi aýdym we tans dessury», 2019-njy ýylda «Türkmen milli halyçylyk sungaty», 2021-nji ýylda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», 2022-nji ýylda Türkmenistanyň dostlukly ýurtlar bilen bilelikde hödürlemeginde «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» we «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy. Şu ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiniň biragyzdan kabul edilmegi bolsa buýsandyryjy waka bolup, taryhymyza ýazyldy.
Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha ilerleýär. Şonuň bilen baglylykda «Türkmen ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamany, «Türkmen alabaý itini terbiýelemegiň milli tejribesi» atly hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna, «Dizaýn» ugrundan Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň «Şäherleriň döredijilik toruna» girizmek boýunça resminamalary taýýarlamak işleri alnyp baryldy.
Şu gün ÝUNESKO-nyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyldy. Maslahatda Türkmenistan döwletimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, şeýle-de ÝUNESKO-nyň arasyndaky ygtybarly hyzmatdaşlyk, bu ugurda ýetilen sepgitler, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, öwrenmekde, olaryň umumadamzat ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde alnyp barylýan köpugurly işler barada çykyşlar edildi. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň, milli senetçiliginiň, taryhy we medeni ýadygärlikleriniň, şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklaryny öz içine alýan sergi guraldy.
Maslahatda çykyş edenler dost-doganlygyň, parahatçylygyň, abadançylygyň we bagtyýarlygyň mekany bolan Türkmenistan döwletini depginli ösüşler bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, döwletli işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.