TÄZE KITAP NEŞIR EDILDI


TÄZE KITAP NEŞIR EDILDI



Ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedowyň «Magtymguly Pyragynyň şahyrana şahsyýeti» atly kitaby neşir edildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen täze kitap 12 bölümden ybarat bolup, onda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi açylyp görkezilýär.

2024-nji ýylda Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde neşir edilen täze kitap alymlar, magtymgulyşynaslar, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarydyr talyplary üçin özboluşly sowgat boldy. Awtor Muhammetguly Amansähedowyň ylmy barlaglary halk döredijiliginiň we nusgawy edebiýatyň çylşyrymly meselelerini öwrenmek üçin özboluşly çeşme bolup durýar.

Awtor täze kitabynyň üsti bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiligini düýpli öwrenip, onuň çeper ruhy dünýäsini nazary taýdan esaslandyrmagy, şeýle-de şahyrana şahsyýetiň gerimini giňeltmegi, onuň hereket meýdanynyň çäksizdigini mysallar arkaly subut etmegi başarypdyr.